Biz Barada


TENEÇIR - Dünýäniň iň öňde baryjy, dünýä belli öndürijileriniň kiçi we uly göwrümli aşhana harytlaryny, kärhana enjamlaryny Türkmenistana iň bir esasy getirjileriniň biri. Teneçir - kompaniýasy öz işine 2002-njy ýylda öý hojalyk harytlaryny, esasan hem gap-gaçlar we aşhana harytlarynyň söwdasy bilen başlady. 2019-njy ýylda resmi taýdan hasaba alynyp, häzirki wagtda biziň kompaniýamyz tuguny hasda giňeldip uly göwrümde jemgyýetçilik iýmit kärhanalar üçin industrial enjamlaryny hem getirip başlady, ýagny biziň kompaniýamyzda müňlerçe görnüşli aşhana harytlary, gap-gaçlary, ýokary hilli öý hojalyk harytlary, elektrik aşhana enjamlary we aşhanada gündelik ulanylýan ähli görnüşli harytlary öz içine alýar. Biz, müşderilerimiziň hoşallygyny göz öňüne tutyp Restoranlar, Kafe-Barlar, Steakhauslar we Naharhanalar üçin aşhana harytlaryny, enjamlaryny we esbaplaryny doly derejede üpjün etmekden başgada kompleks çözgütleri amala aşyrýarys. Şeýle hem Türkmenistanyň çäginde dabaraly ýagdaýda açylýan ýaşaýyş jaýlarynyň aşhanalary üçin, Toý Mekanlaryny we iri Myhmanhanalaryň hem-de Hassahanalaryň içki aşhana harytlaryny we aşhana enjamlaryny doly derejede üpjün edýäris.

Biziň müşderilerimiz 

  • Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň kärhanalary,I
  • Iri korporatiw müşderiler,
  • Daşary ýurt kompaniýalary,
  • Döwlet we hususy dükanlary, kärhanalary,
  • Şeýle hem bazarlardaky lomaý we bölekleýin alyjylar.

Biziň baş maksadymyz - Ýokary hilli gowy harytlary satmak we iň bir ýokary derejede size, dogryçyllyk dürslik şeýle hem täzeçillik bilen size hyzmat etmek!


Aşhana taslamalary

Arzanlasdyrys!

Nagt däl gornusinde hasaplasyk gecende

Bize Ýazyň





HABARLAŞYK FORMASY

  • Türkmenistan, Aşgabat, 10-ýyl Abadançylyk şaýoly, 98-nji jaý

  • (99312) 929595

  • (99312) 929494

  • info@tenecir.com.tm

  • sales@tenecir.com.tm